Soňky habarlar

Arhiw

Onlaýn gezelenç edip bolýan muzeýler

18:5102.04.2020
0
842

Dünýäniň dürli ýerlerindäki muzeýler öz gymmatlyklaryny internetiň arkaly gaýybana gezelenç etmäge mümkinçilik döretdiler. Interneti tizliginiň ýokarlanmagy olara bolan islegi ýokarlandyrýar. Bu muzeýleri görmek üçin uzak ýola gitmegiň geregi ýok. Ine, oturan ýeriňden görüp bolýan käbir muzeýleriň sanawy.

Luwr muzeýi/Pariž: Fransiýanyň paýtagtynda ýerleşýän bu muzeý dünýäniň iň köp syýahatçyny özüne çekýän muzeýleriniň arasynda birnäçe ýyldan bäri öňdeligi eýeleýär. Onuň içinde 350 müňden gowrak gymmatly eser saklanýar. Meşhur Mona Liza kartinasy hem şu ýerde.

https://www.louvre.fr/en/visites-en-ligne  

Britan muzeýi/London:  Gadymy heýkeller, Müsür mumýalary ýaly taýsyz eserler bu ýerde saklanýar. Şeýle hem bu ýerde sungat eseri hasaplanýan, Afrika ýurtlarynda dokalýan dokma önümlerini hem görmek mümkin. Her ýylda 5 million töweregi myhmany kabul edýän muzeýi onlaýn görýänleriň sany hem az däl.

https://britishmuseum.withgoogle.com/  

Guggenheým Muzeýi/Nýu-Ýork: muzeýi binasynyň özi hem sungat eseri. Şol sebäpli binanyň özi hem şäheriň esasy simwollarynyň biri hasaplanýar. Onuň taslamasyny ussat binagär Frank Lloýd Wraýt taýýarlapdyr. Muzeýde saklanýan döwrebap sungat eserlerini görmek üçin muzeýiň aýlawly basgançaklaryndan ýokary galmak hökman däl. https://artsandculture.google.com/streetview/solomon-r-guggenheim-museum-interior-streetview/jAHfbv3JGM2KaQ?hl=en&sv_lng=-73.95902634325634&sv_lat=40.78285751667664&sv_h=80.63659236884682&sv_p=0.0000021305855284481368&sv_pid=MfnUmHRyOSzMtY3vtYU05g&sv_z=0.9645743015259163

Aýasofýa muzeýi/Stambul: 532-537-nji ýyllar aralygynda gulan bina ýüzlerçe ýyl ybadathana bolupdyr. Dünýäniň iň gadymy binalarynyň biri hasaplanýan muzeý şäherdäki beýleki taryhy binalaryň arasynda ýerleşýär.

http://www.3dmekanlar.com/tr/ayasofya.html

Milli sungat galereýasy/Waşington: iki müňden gowrak eser saklanýan galereýada dünýä belli suratkeşleriň eserleriniň ýüzlerçesi saklanýar.

https://artsandculture.google.com/partner/national-gallery-of-art-washington-dc?hl=en

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň