Türkmenabatda Agajan Genjimowyň we Şirinjan Gurbanowanyň bilelikdäki konserti boldy

16:4802.04.2020
0
650

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde mugallymlar Agajan Genjimowyň we Şirinjan Gurbanowanyň ýerine ýetirmeklerinde konsert boldy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Talyplara aýdym-saz sungatyndan sapak berýän mugallymlaryň «Leýli — Mejnun», «Şasenem — Garyp», «Zöhre — Tahyr», «Aýna», «Görogly» ýaly operalardan ýerine ýetiren aýdymlary bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Konsertiň dowamynda aýdymçylaryň sözleýiş medeniýetine hem uly üns bermelidigi, sözüň äheňi, manysy, çeperçiligi düşnükli bolmalydygy barada gürrüň edildi.

Bu çäre aýdym-saz ugrundan sapak alýan talyplara özboluşly tejribe mekdebi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň