Arhiw

Bekhem 24 million dollara öý satyn aldy

15:1801.04.2020
0
1558

Dünýä futbolynyň ýyldyzlaryndan, hemişe üns merkezinden düşmeýän angliýaly futbolçy Dewid Bekhem we ýanýoldaşy, ozalky aýdymçy, häzirki moda bezegçisi Wiktoriýa Bekhem Maýamiden öý satyn aldy. Ähli amatlyklary bolan we aňyrbaş hasaplanýan lýuks öýüň bahasy 24 million dollara deň bolup, ol Maýamidäki 62 gatly “One Thousand Museum” atly gökdirände ýerleşýär. Bekhem satyn alan täze öýüniň binasyna geçen ýylyň tomsunda aýlanyp görüpdi. Bu binany meşhur binagär Zaha Hadid gurupdy. Binanyň çür depesinde dik uçara niýetlenen ýer bolup, binanyň merkezi gatlarynyň birinde ullakan howuz, 2 sany sauna, garbanyşhana hem-de gün şöhlesiniň astynda ýatmak üçin ýörite ýer bar. Bekhemiň alan öýünde 5 sany ýatylýan otagy bar. 450 million dollar möçberinde pul baýlygy bolan Bekhemleriň maşgalasynyň täze öýi ähli babatda aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Ýeri gelende aýtsak, Bekhemleriň Londonda bahasy 31 million sterlinge deň bolan köşki hem-de Angliýanyň günortasyndaky Kotsworlds regionynda 6 million sterling möçberinde gymmaty bolan öýi bar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň