Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Içeri işler ministrliginiň institutyna 300 kompýuter sowgat berdi

04:1901.04.2020
0
8132

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Içeri işler ministrliginiň institutyna önümçiligi Türkmenistanda ýola goýlan “Agzybirlik tilsimaty” kärhanasynyň önümi bolan häzirki zaman kompýuterleriniň 300-sini sowgat berdi ― diýip, TDH habar berýär. 
Döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça milli ykdysadyýetimiziň ýurdumyz üçin ýaş pudagy bolan elektron senagatynyň ösdürilmegi sanlaşdyrmak boýunça Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ägirt uly ähmiýete eýedir. Häzirki zaman tehnikalarynyň we döwrebap enjamlarynyň bolmagy, olaryň netijeli peýdalanylmagy Içeri işler ministrligi üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm şert bolup durýar.
Şeýle hem döwlet Baştutany institutda bolmagynyň çäklerinde «Galkan» we «Nesil» hokkeý toparlarynyň türgenleşiklerine gatnaşdy. Nyşana ok atmak boýunça ussatlygyny görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň