Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Galkan» we «Nesil» hokkeý toparlarynyň oýunçylaryna sport lybaslaryny sowgat etdi

02:5001.04.2020
0
6184

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň institutynda bolup, bu ýerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri hem-de amaly-türgenleşik işleri bilen tanyşdy ― diýip, TDH habar berýär.
Institutyň merkezi girelgesinde içeri işler ministri M.Çakyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna institutda geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany “Galkan” gyş sport merkezine bardy, bu ýerde Içeri işler ministrliginiň “Galkan” we ministrligiň garamagyndaky institutyň “Nesil” hokkeý toparlary türgenleşýärler. Hokkeýçiler Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli garşyladylar. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy hokkeýçiler bilen söhbetdeş bolup, olaryň türgenleşikleri, talyp ýaşlaryň okuwlary we umuman bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklandy.
Türgenler milletiň Liderine türgenleşik geçmek hem-de sport ussatlygyny ýokarlandyrmakda döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Döwlet Baştutany toparlaryň türgenleşiklerini synlap, hokkeýçilere täze ýeňişleri arzuw etdi hem-de olara sport egin-eşiklerini sowgat berdi.
Häzirki wagtda “Galkan” we “Nesil” toparlary türkmen hokkeýinde öňdäki orunlary eýeläp, öz ussatlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrýarlar. “Galkan” topary birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony bolup, bu topar köpsanly halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etdi. “Nesil” hokkeý topary bolsa geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyna mynasyp boldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin degişli çäreleriň görülmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz talyplaryň taýýarlyk ulgamynda sportuň harby-amaly görnüşlerine ilkinji derejeli üns berilmeginiň zerurdygyny aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde türgenlere sport lybaslaryny sowgat etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň