Arhiw

Balkanabatly mekdep okuwçylary onlaýn biosözlük işläp taýýarladylar

02:3601.04.2020
0
2698

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçylary Hatyja Annagylyjowa bilen Alymyrat Sarygulow onlaýn biosözlük işläp düzdüler. Bu barada «Metbugat.gov.tm» «Güneş» žurnalyndan berlen habara esaslanyp ýazýar. 

Ol bu işini fewral aýynda paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgünde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäklerinde geçirilen mekdep okuwçylarynyň arasynda ylmy-döredijilik taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyryna hem hödürlediler.

Bu taslama işiniň esasy maksady, ähli türkmen dilindäki biologik atlary bir ýere jemlemek, olary dört dilde öwrenmek we öwretmek, ösümlikleriň, janly-jandarlaryň we adamyň synalarynyň daşary ýurt dilindäki atlarynyň türkmen dilindäki nusgasyny tapmak we biologiýa boýunça elektron gollanmany taýýarlamakdan ybaratdyr. Dört dilde 40 müňe golaý sözleri özünde jemleýän «Biosözlük online» atly işiň web sahypasy hem bar.

Zehinli ýaşlaryň yhlasy, irginsiz zähmeti bilen taýýarlanylan bu sözlük mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen ylmy-döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 3-nji orna mynasyp boldy. 

«Biosözlük online» taslama işiniň Rumyniýada geçiriljek «INFOMATRIX», Gazagystanda geçiriljek «INFOMATRIX-ASIA» halkara bäsleşiklerine hem gatnaşmaga çakylyk alandygyny aýtmak gerek. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň