Soňky habarlar

Arhiw

Adalat ministrligi aprel aýyndaky jemgyýetçilik kabul edilşikleriniň gününi kesgitledi

02:1701.04.2020
0
1253

«Türkmenistan» gazetinde çap edilen bildirişde-de habar berlişi ýaly, 2020-nji ýylyň 11-nji we 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmagynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär.

Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda — Adalat ministrliginiň binasynda sagat 9:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär. Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-19-20, 39-19-21.

Jemgyýetçilik kabul edilişiginde raýatlar hukuk meseleleri boýunça ýüz tutup bilýärler. Şeýle kabul edilişikler ministrligiň merkezi binasynda we welaýatdaky bölümlerinde her aýda iki gezek geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň