Arhiw

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de «Açyk gapylar» güni geçiriler

02:1401.04.2020
0
1392
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de «Açyk gapylar» güni geçiriler

Se­ýit­na­zar Seý­di adyn­da­ky Türk­men döw­let mu­gal­lym­çy­lyk ins­ti­tu­ty 2020-nji ýy­lyň 25-nji ap­re­lin­de we 16-njy ma­ýyn­da sa­gat 15:00-da 2020-2021-nji okuw ýy­lyn­da oku­wa gir­mek is­le­ýän ýaş­lar bi­len «Açyk ga­py­lar» gü­nü­ni ge­çir­ýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda durmuşa ornaşdyrýan düýpli özgertmeleri, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, institutda alnyp barylýan işler, şeýle hem taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler barada «Açyk gapylar» gününde ýaşlara giňişleýin maglumat berler.

«Açyk gapylar» güni institutyň binasynda geçirilýär. Sal­gy­sy: Türk­me­na­bat şä­he­riniň Şa­ben­de kö­çe­si­niň 7-nji ja­ýy. Te­le­fon belgileri: 3-04-21; 3-67-02; 3-25-44.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň