Soňky habarlar

Arhiw

«Demirýollary» AGPJ-nyň Türkmenabatdaky 26-njy şahamçasynda şu ýyl 45 teplowoz abatlanyldy

02:1101.04.2020
0
1338

Türkmenabat lokomotiw deposynyň binýadynda döredilen «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 26-njy şahamçasynda ýurdumyzyň demir ýol pudagynyň netijeli we sazlaşykly işine önjeýli goşant goşmak üçin uly zähmet üstünlikleri gazanylýar ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Kärhananyň düzüminde 20 sany manýowr, 27 sany magistral teplowozlar hereket edýär. Şahamçanyň işgärleri tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri gazanylan üstünlikler bu aýdylanlara mysaldyr. Degişli döwrüň dowamynda meýilnama boýunça göz öňünde tutulan 100 müň tonna golaý halk hojalyk ýükleri daşaldy, 100 müňden gowrak hem ýolagçy gatnadyldy. Bu ugurda ösüş 102 göterime deň boldy.

Şeýle hem depoda degişli döwrüň dowamynda uly we kiçi teplowozlaryň 45-si abatlanylyp, önümçilige goýberildi. Bu görkezijiler kärhananyň agzybir işgärleriniň meýilnamada göz öňünde tutulanyndan görnetin ýokary netije gazanýandygyny görkezýär.

Bu ugurda kärhananyň Amyderýa bekedindäki aýlaw lokomotiw deposynyň, Gazojak bekedindäki kömekçi işgärleriniň hem hyzmaty uludyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň