Soňky habarlar

Arhiw

«Gündogargazakdyryş» iki welaýata «mawy ýangyç» akdyrýar

02:0101.04.2020
0
790

“Türkmengazakdyryş” birleşiginiň “Gündogargazakdyryş” müdirliginiň gazçylary Mary we Lebap welaýatlarynyň edara-kärhanalaryny, ilatyny tebigy gazyň bökdençsiz akymy bilen üpjün eýärler ― diýip, «Maru-Şahu Jahan» gazeti habar berýär.

Beýle diýildigi bolsa, ady agzalan welaýatlaryň çägindäki 2570 kilometrlikden gowrak ýokary basyşly gaz geçirijileriň ygtybarly hereketini gazanmalydygyny aňladýar. Bu ýerde meýilnamada bellenilen möhletlerde gaz geçirijileriň ugrunda gazyň syzylyp çykmagynyň wagtynda öňüni almak, olaryň ugrundaky gaz paýlaýjy beketlerde we sazlaýjy düwünlerde, gatla düwünlerinde we beýleki enjamlarda abatlaýyş we ymykly gözden geçiriş işleri ýokary hilli geçirildi.

Müdirlikde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär. Şeýle netijeli işlerde önümçiligiň öňdebaryjylarynyň saldamly goşantlary bellärliklidir. Tejribeli hünärmen Akmuhammet Aşyrowyň ýolbaşçylyk edýän gaz paýlaýjy beketleriň 1-nji gullugynyň gazçylary uly işleri bitirýärler. Bu gullugyň gazçylary gaz paýlaýjy beketleriň 31-siniň, gaz sazlaýjy düwünleriň 5-siniň ygtybarly işini üpjün edýärler.

Gullugyň Mary şäher gaz paýlaýjy bekediniň zähmetsöýer adamlaram gowy netijeleri gazanýarlar. Şu paýlaýjy beketden welaýat merkeziniň, Mary etrabynyň obalarynyň birnäçesine tebigy gaz akdyrylyp, edara-kärhanalaryň, şäher we oba ýaşaýjylarynyň mawy ýangyjyň akymy bilen bökdençsiz üpjünçiligini gazanýarlar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň