Arhiw

Daşoguzda ýetginjekleriň arasynda boks boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi

01:4901.04.2020
0
748
Daşoguzda ýetginjekleriň arasynda boks boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli 2002-2003-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda boks boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi ― diýip, «Daşoguz habarlary» gazeti habar berýär.

Ýaryşa welaýatlardan we Aşgabat şäherinden 10 sany agram derejeleri boýunça 150-ä golaý boksçy gatnaşdy. Daşoguz şäheriniň “Garaşsyzlyk” sport desgasynyň ýapyk sport oýunlary eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ýaryşlar örän çekeleşikli we gyzgalaňly dowam etdi.

Şeýlelikde, Balkan welaýatyndan gelen türgenler Orazymbet Musirow, Baýram Nurmuhammedow, Lebap welaýatyndan gelen türgenler Demir Bäşimow, Rahmetjan Japbarow, ýerli türgenlerden Daýanç Orazmedow, Şyhmyrat Romanow, Aşgabat şäheriniň türgenleri Döwlet Muhamow, Abdyrahman Babaýew, Yslam Hojatow, Rustam Mämmedow dagy öz agram derejelerinde ýeňiji bolmagy başardylar.

Ýeňiji bolan türgenlere Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň, şeý le hem TDP-niň welaýat komitetiniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň