Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmentelekom” IT pudagyndaky hünärmenleri gözleýär

22:2931.03.2020
0
10019

“Türkmentelekom” telekommunikasiýa kompaniýasy maglumat tehnologiýalaryndan baş çykarýan dürli derejedäki hünärmenleri gözleýär. Degişli mahabatlar kompaniýanyň resmi web sahypasyndaky “Boş iş orunlary” bölüminde ýerleşdirildi.

Hususan-da, boş iş ýerleri programmist, tor dolandyryjysy we ulgam dolandyryjysy hünärleri üçin hödürlenýär. Anketalary sahypada dolduryp bilersiňiz.

Arza beriji üçin talaplar:

 

Ulgam administrator hünärmeni

Talaplar:

  • Bilimi (Ubuntu Server, Centos, Windows 2003/2008/2012 Server);
  • VMware wirtualizasiýa ulgamynda administrirlemek tejribesi;
  • Ätiýaç nusgalarynyň ulgamyny administrirlemek tejribesi;
  • Aparat üpçünjiligi bilen işlemek tejribesi (IBM, HP, Intel, Cisco, Supermicro)
  • Tor enjamlary bilen işlemek tejribesi, torlaryň bölünen görnüşini gurnamak tejribesi.

 

Programmist

Talaplar:

  • Programmist/mobil goşundylaryň programmaçysy;
  • IOS we Android üçin mobil goşundylaryň programmaçysy;
  • Programmirleme dileriniň bilimi (SQL, Java, Swift);
  • Android Studio we Xcode bilen işlemek ukuby.

 

Tor administratory

Talaplar:

  • CCNA ýa-da ýokary derejede tor tehnologiýary bilen işlemek tejribesi;
  • TCP/IP protokol derejesinde torlaryň gurnamagyň bilimi;
  • Tor enjamlary bilen işlemek tejribesi (kommutator, marşrutizator);
  • Monitoring ulgamy bilen işlemek tejribesi (Cacti,Nagios, PRTG Network Monitor, Zabbix).
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň