“Honor Play 9A” tanyşdyryldy

10:1131.03.2020
0
6837

“Huawei” kompaniýasynyň has ýokary hilli enjamlary öndürmäge niýetlenen “Honor” brendiniň täze modelleri tanyşdyryldy. Kompaniýa “Honor 30S” bilen bir hatarda “Honor Play 9A” smartfonyny tanyşdyrdy. Telefonda barmak yzyňy okaýjy sensor yz tarapda ýerleşdirilipdir. Smartfonlarda has ünsi çekiji reňkler hem ulanylypdyr. 4 GB RAM, 64 GB/128 GB içki ýat ýaly tehniki aýratynlyklary bolan modeliň 6,3 dýuýmlyk 720×1600 piksel durulygynda IPS LCD ekrany bar. Öň tarapynda 8 megapiksel F2.0 kamera, yzynda 13 megapiksel F1.8 + 2 megapiksel çuňluk sensory ýerleşdirilipdir. Telefonyň zarýady hem gowy saklaýandygy (5.000 mAh) bellenilýär. “Android 10” amaly ulgamynda işleýän enjam 127 dollardan satylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň