Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä täzelikleri: ABŞ-ly Israil Sarbajal bir çüýşe suw alyp, 100 müň dollar utdy

23:4730.03.2020
0
1430

ABŞ-nyň De­mir­ga­zyk Ka­ro­li­na şta­ty­nyň Pen­der et­ra­byn­da ýa­şa­ýan Is­rail Sar­ba­jalyň lo­te­re­ýa oýun­la­ryn­da soň­ky üç ýy­lyň için­de aşy­gy di­ňe al­çy gop­ýar. Has any­gy, ol 2,5 ýyl mun­dan ozal sa­tyn alan lo­te­re­ýa pete­gin­den 200 müň dol­lar utan bol­sa, ge­çen hep­de söw­da eden pe­te­gi ar­ka­ly 100 müň dol­la­ryň eýe­si bol­dy ― diýip, «Biznes-reklama» gazeti ýazýar.

— Azyk harytlary dükanyna bir çüýşe arassa suw almaga girip, gapdaly bilen «Extreme Cash» lotereýasyny hem satyn aldym. Ilkibada bary-ýogy 100 dollardyr diýip oýladym. Lotereýa merkezine baranymda, 100 müň dollardygyny bilip galdym — di­ýip, Sar­ba­jal be­gen­ji­ni paý­laş­dy.

Şeý­le-de ol utan pu­lu­na ka­ka­sy­nyň saglyk çyk­da­jy­la­ry­ny tö­le­jek­di­gi­ni hem-de täze aw­to­mo­bil sa­tyn al­mak­çy­dy­gy­ny aýt­dy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň