Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine berk käýinç yglan etdi

23:4330.03.2020
0
9416

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite Buýruk bilen  oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Baýramdurdyýew Magtymgula berk käýinç yglan etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Resminamada ministriň wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde birnäçe kemçilikleri goýberendigi nygtalýar.

Döwlet Baştutany oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen iş maslahatynda öňde goýlan wezipelere örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, şonuň bilen birlikde, oba hojalygynyň ösdürilmegine döwletimiz tarapyndan toplumlaýyn goldaw hem-de hemmetaraplaýyn hemaýat edilýändigine, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyna garamazdan, pudakda birnäçe kemçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Şol kemçilikleriň hatarynda, bellenilen özgertmeleri durmuşa geçirmekde depginleriň pesdigi agzaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň