Soňky habarlar

Arhiw

«Ezber daýhan» daýhan hojalygynda bioýangyç öndürip boljak agaç ýetişdirilýär

18:4330.03.2020
0
1193

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ezber daýhan» daýhan hojalygy ýurdumyzda ilkinji bolup, «pawlowniýa» ady bilen tanalýan agajyň nahallaryny ýetişdirip ugrady ― diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär.

Häzirki wagtda Ak bugdaý etrabyndaky tejribe meýdançamyzda bäş ýüz düýpden gowrak nahal ösdürilýär. Pawlowniýa ýetişdirmek ykdysady taýdan girdejilidir, çünki ol ynjyk bolman, tutuşlygyna, ýagny köki, ýapragy we gülleri hem dünýä bazarlarynda köp islegli haryt. Olar köp ýerde, mebel we saz gurallaryny ýasamakda, derman önümçiliginde, parfýumeriýada, biotehnologiýada we beýleki ugurlarda ulanylýar.

Pawlowniýa çalt ösýän agaçlaryň maşgalasyndandyr. Onuň Watany Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary hasaplanylýar. Ol Ýaponiýada we Merkezi Hytaýda giň ýaýran. Onuň ähli görnüşleri hem çalt ösýär. Onuň Тomentosa, Еlongata, Fortçuna ýaly 10-a golaý görnüşi bar. Günbatarda olary seýilgählerde diňe bir bezeg agajy hökmünde däl, bioenergetiki häsiýeti güýçli bolany üçin hem ekilýär. Olaryň ortaça 15-20 metr boýy bolýar. Uzyn şahalarynda iri-iri ýapraklary bolýar. Ýene bir bellenilmeli zat, pawlowniýa bioýangyç önümçiliginde ulanyp boljak, deňi-taýy bolmadyk daragtdyr. 2 kilogram pawlowniýa 1 litr dizel ýangyjy bilen deňdir. Onuň ýapraklaryndan bolsa, biogaz öndürip bolýar. Umuman, pawlowniýany bioetanol önümçiliginde çig mal hökmünde ulanyp bolýar: häzirki döwürde bir tonna gury agaçdan, 0,5 tonna etanol almaga mümkinçilik berýän tehnologiýa bar.

Gök önümleri, miweleri, ir-iýmişleri ýetişdirmekde, olary ter saklamakda öňdebaryjy hasaplanylýan döwletler bilen hyzmatdaşyk gatnaşyklaryny saklaýarys, tejribelerimizi paýlaşýarys. Pawlowniýanyň ortaça 20-50 ýyl aralykda peýdasyny görüp bolýar. Ara 4-8 ýyl salyp, özi-de ýylyň islendik möwsüminde ony kesip almak bolýar, şondan soň, agaç ýene-de ösüp başlaýar. Ýetişdirip oturan pawlowniýa nahallarymyza häzirden isleg bildirýänleriň bardygy ýola goýan täze önümçiligimiziň oňlanylýandygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa bizi oňküden-de gözleglere beslenip, döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar — diýip, ezber daýhan hem telekeçi Arslan Nurgeldiýew gürrüň berýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň