Soňky habarlar

Arhiw

Öwezgeldi Kakabaýew: «Şu ýyl gowaça ekişinde täze tehnikalaryň ýüzlerçesinden peýdalanylýar»

18:3830.03.2020
0
958

Ozal hem habar berlişi ýaly, şu ýylky gowaça ekişi üçin Türkmenistana «John Deere» kompaniýasynyň önümi bolan «6175M» belgili telematik ulgamy ornaşdyrylan täze traktorlaryň, «Monosem» kysymly gowaça tohumyny ekijileriň hem-de «ORTHMAN» köpugurly kultiwatorlaryň uly tapgyry getirildi. «Bereketli toprak» gazetinde «John Deere» kompaniýasynyň Türkmenistandaky serwis hyzmat ediş «IPS» bilelikdäki kompaniýasynyň tehniki goldaw bölüminiň hünärmeni Öwezgeldi Kakabaýew bilen bu tehnikalar hakynda söhbetdeşlik çap edildi.

— Öwezgeldi aga, Diýarymyza nobatdaky gezek iň kämil, täze tehnikalaryň gelip gowuşmagy hemmämiziň buýsançly başymyzy belende göterdi!

—Sanly telematik ulgamy ornaşdyrylan «John Deere-6195M» kysymly traktorlaryň üçüsi ekerançylykda – Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň hem-de Gökdepe etrabynyň «Gökdepe», Kaka etrabynyň «Parahat» daýhan birleşikleriniň ekin meýdanlarynda synagdan geçirildi. Bulardan başga-da, şu günki ýaşlaryň kämil tehnologiýalardan bökdençsiz baş alyp çykmaklary üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine şular ýaly traktor berildi. Ady agzalan traktorlar beýleki welaýatlarda hem synagdan geçirilip, ýurdumyzyň toprak, howa şertlerine gabat gelýändigi doly özleşdirildi. Synag toparynyň agzalarynyň tassyklamagy, döwlet Baştutanymyzyň görkezmesi bilen, Germaniýadan telematik ulgamy ornaşdyrylan «John Deere 6175M» kysymly traktorlaryň 155-si satyn alyndy. Şol traktorlaryň 36-sy Ahal, 44-si Mary, 33-si Lebap, 39-sy Daşoguz, diňe 3-si bolsa Balkan welaýatlaryna iberildi.

Bulardan başga-da, ýurdumyza Fransiýa Respublikasyndan «Monosem» kysymly gowaça tohumyny ekijileriň 98-si hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan «ORTHMAN» köpugurly kultiwatorlaryň 155-si ýurdumyza gelip gowuşdy. Gowaça ekijileriň hem 23-si Ahal, 28-si Mary, 20-si Lebap, 25-si Daşoguz, 2-si Balkan welaýatlarynyň oba hojalykçylaryna gowşuryldy. Köpugurly kultiwatorlar bolsa, ýurdumyzyň welaýatlaryna edil traktorlaryň bölünip berlişi ýaly paýlandy.

— Tüweleme, täze kysymly kuwwatly tehnikalaryň ýüzlerçesi gelipdir?! Olaryň aýratynlyklary barasynda aýdaýsaňyz?!

— Telematik ulgam arkaly işleýän traktorlaryň ýurdumyzyň ähli welaýatynda synag edilendigi hakynda başda hem aýdyp geçdik. Geçirilen synaglar oňat netije berenden soňra, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde welaýatlardan mehanizatorlary çagyryp, olar bilen telematik ulgam arkaly işlediljek täze, kuwwatly tehnikalaryň işleýiş aýratynlyklary dogrusynda sapaklary geçirdik. Täze tehnikalar bilen işlenende wagt hem-de ekiljek tohumyň mukdary köp babatda tygşytlanar. Muňa garamazdan, şu tehnikalaryň kömegi bilen ekiljek tohumlar gögerip çykandan soňra, köpugurly kultiwatorlar bilen olara agrotehnikanyň talaplaryna laýyk derejede ideg işlerini hem meýdanyň ululygyna garamazdan, köp wagt sarp etmezden geçirip bolar. Ýer eýeleri bolan kärendeçiler üçin hem traktorlara telematik ulgamyň ornaşdyrylmagy köp ýeňillikleri döredip bilýär. Çünki kärendeçi «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň ýardam bermeginde mobil smartfonyň kömegi bilen internet arkaly islendik ýerde, ýagny ekiş möwsüminde ekin meýdanynda bolmazdan, ekişiň gidişine we hiline syn edip biler.

Kompýuter tehnologiýalary ornaşdyrylan traktorlara erk etjek mehanizatorlar buýrujy düwmelere ýalňyşman basyp, degişli wezipeleri wagtly-wagtynda ýerine ýetirseler, ekiljek gowaça tohumlaryndan bol hasylyň alynjakdygy aýdyňdyr. Täze tehnikalaryň ýene-de bir aýratynlygy barada aýdyp geçesimiz gelýär. Ýagny, ekiş möwsüminde ekiji gurallarda tohum gutaran ýagdaýynda ýa-da bir saý-sebäp bilen traktorda, ekiji guralda, kultiwatorda näsazlyk ýüze çykaýan ýagdaýynda kabinada oturan mehanizatora kompýuter arkaly duýduryjy gelýär. Şol duýduryjynyň gelmegi bilen, gidip barýan işi uzak saklaman, ekijilere gerekli mukdarda tohum guýup ýa-da kärhanamyzyň ýerlerdäki wekillerini çagyryp, näsazlygy ýerinde düzedip bolýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň