Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň synag barlaghanasynda Beýik Britaniýanyň kämil enjamlary ulanylýar

18:3130.03.2020
0
953

Lebap welaýat «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň synag barlaghanasy dünýäniň iň kämil tehnologiýalaryny özünde jemleýän, iň öňdebaryjy kompaniýalaryň önümi bolan täze, döwrebap synag enjamlary bilen üpjün edildi ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Olaryň biri Beýik Britaniýanyň «PeFiberoptics» kompaniýasynyň «FG500HR» modelli optiki süýümli kabelleriniň geometriýasyny ölçeýän enjamdyr.

Bu enjam oturdylan wideomikroskopyň kömegi bilen optiki süýümli kabelleriň merkezi süýüminiň diametrini, tegelekligini, kabeliň doly diametrini, izolýasiýasynyň galyňlygyny, içindäki merkezi süýüminiň we gorag izolýasiýasynyň şekilini we kemçiliklerini barlamak üçin ulanylýar.

Şu kompaniýanyň optiki süýümli kabellerini synag edýän ýene bir «WS500MFD» kysymly enjamy optiki süýümli kabelleriň kesilmeginiň koeffisentini we beýleki ölçegleri kesgitlemek üçin ulanylýar. Olaryň kömegi bilen geçirilýän synaglaryň netijesinde optiki kabelleriň ýagtylyk esasynda iberilýän maglumatlarynyň kabul ediş nokadyna doly we ýitgisiz eltmek mümkinçiligi anyklanylýar. Bu bolsa häzirki zaman aragatnaşygynda giňden ulanylýan bu materialyň diňe ýokary hiliniň çekilmegine şertleri döredýär. 
   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň