Soňky habarlar

Arhiw

“Barselonanyň tälimçisi bolmaga taýýar”

17:2230.03.2020
0
1142

Häzirki wagtda Kataryň “Al-Sadd” toparyna tälim berýän Hawi Hernandes “Barselonanyň” tälimçisi bolmak isleýändigini habar berdi. 1998–2015-nji ýyllar aralygynda “Barselonanyň” köýnekçesini geýen ozalky ussat futbolçy ispanlaryň “La Vanguardia” gazetine beren beýanatynda: “Indi wagty geldimikä diýýärin. Oýunçylara tälim bermekde özümi ýeterlik hasaplaýaryn. Ýöne käbir şertlerim bar. Gutarnykly netijä gelmek meň wezipäm bolmaly, şeýle-de täzeden täze taslama başlamakçy diýip, belläp geçdi. 40 ýaşly tälimçi “Barselona” oýunçy transfer etmeli, etmeli dälmi diýen sowala-da: “O diýen köp oýunçy gerek däl. Jeýdon Sanço ýa-da Serže Gnabri ýaly futbolçylar bolup biler” diýip, jogap berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň