Soňky habarlar

Arhiw

“Curiosity” öz suratyny iberdi

11:3330.03.2020
0
668

Marsda dürli ylmy-barlag işlerini amala aşyrmak maksady bilen ulanylýan “Curiosity” roboty selfi suratyny Ýere iberdi. Alty tigirli enjam egimi 31 derejelik depä çykdy. 2012-nji ýylda Gyzyl planeta gondurylan “Curiosity” gözleg roboty bu ýerden dürli maglumatlary iberýär. NASA-nyň hünärmenleri marsohodyň häzire çenli iň dik depä çykandygyny aýdýarlar. Robot depä çykmazdan ozal jemi 86 kadr surata düşürdi. NASA agentliginiň hünärmenleri olary birleşdirmek arkaly bir surat emele getirdiler. “Curiosity” enjamynyň hereket edip bilýän tirsekli golunda “Mars Hand Lens Imager” atly kamera ulgamy ýerleşdirilen.

Ýeri gelende aýtsak, Marsdaky “Opportunity” atly ýene bir enjam iň köp wagtlap hyzmat eden robot (15 ýyl) hem-de Ýerden başga bir tekizligiň ýüzünde iň uzak aralyga (45,16 km) hereket eden kosmos enjamy rekordlaryna eýe bolupdy. Şeýle hem bu enjam 2016-njy ýylda 32 derejelik depä çykyp rekordy goýupdy. “Opportunity”-niň ulanyş möhleti 2018-nji ýylda tamamlanypdy.

2012-nji ýylyň 6-njy awgustynda Marsa “aýak basan” “Curiosity” sekiz ýylyň dowamynda gymmatly maglumatlary toplamaga ýardam etdi. Häzirki wagtda “InSight” atly ýene bir robot Marsda ylmy maksatlar üçin peýdalanylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň