Soňky habarlar

Arhiw

Çaga garaşýan zenanlaryň fiziki işjeňligini artdyrmak boýunça Maksatnama işlenip düzüler

11:5529.03.2020
0
4561

Türkmenistanda zenanlaryň göwrelilik döwründe fiziki hereketsizligini aradan aýyrmak, dogulýan çagalaryň semizliginiň öňüni almak boýunça innowasiýa çemeleşmeleri ulanylar. Munuň özi göwrelilik döwründe aýallaryň arasynda fiziki işjeňligi ösdürmäge ýardam eder. Bu barada «SNG. Bu gün» Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, habar berýär. 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilelikde taýýarlajak bu innowasion strategiýasy saglygy goramak, semizligi aradan aýyrmak, çaga garaşýan eneler üçin bedenterbiýe meýilnamalaryny ösdürmegiň häzirki zaman usullarynyň çäginde amala aşyrylar. Maksatnama işlenip düzülende köp ýyllaryň dowamynda oňat netije görkezen halkara tejribesi peýdalanylar. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bu meýilnamasy  Türkmenistanda 2018 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýe boýunça Milli strategiýasyny amala aşyrmagyň bir bölegine öwrüler.

Innowasion çemeleşmäniň çäklerinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi çaga garaşýan enelere maslahat berjek we olara degişli maşk meýilnamasy boýunça gözegçilik etjek lukmanlar bilen goşmaça okuw geçirer. BSGG-nyň tejribesine görä, bu çemeleşme zenanlaryň saglygyny berkitmäge, göwrelilik döwründe durnukly uky bilen üpjün etmäge, şeýle-de olaryň ruhubelent bolmagyna kömek eder. Bu şertleriň bolsa, öz gezeginde, düwünçege oňyn täsiri bar.

BSGG-nyň Ýewropa boýunça sebit edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işleriniň ýurduň Prezidentiniň öz raýatlary üçin edýän aladasy, şeýle-de ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek boýunça döwletiň, onuň degişli ministrlikleriniň köptaraplaýyn netijeli çemeleşmeleri amala aşyrmagy bilen baglydygyny belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň