Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropanyň iň gymmat ýaş futbolçylary

13:3928.03.2020
0
854
Ýewropanyň iň gymmat ýaş futbolçylary

Halkara sport analizleri merkezi (CIES) Ýewropadaky 2000-nji we 2000-nji ýyldan soň doglan iň gymmatly 20 futbolçynyň sanawyny mälim etdi. Sanawda Borussiýa Dortmundyň 19 ýaşly hüjümçisi (wingeri) Jeýdon Sanço birinji orny eýeleýär. Iňlis klublarynyň transfer etmek isleýän oýunçysynyň transfer bazaryndaky bahasy 198,5 million ýewro deňdir. Sanawda 2-nji hatarda Borussiýa Dortmundyň başga bir 19 ýaşly hüjümçisi, norwegiýaly Erling Hollan bolup, onuň gymmaty 101 million ýewro möçberinde diýlip kesgitlenildi. 3-nji basgançakda Bundesliganyň lideri Bawariýanyň asly Ganadan bolan kanadaly goragçysy Alfonso Dewiesiň ady bar (92,5 million ýewro). 4-5-nji orunlary Real Madridiň braziliýaly ýyldyzlary Rodrigo Silwa da Goes bilen Winisius Junior eýeleýär.

Ýewropanyň iň gymmat ýaş futbolçylary

1. Jeýdon Sanço (Angliýa) – Borussiýa D – 198,5 million ýewro

2. Erling Hollan (Norwegiýa) – Borussiýa D – 101 million ýewro

3. Alfonso Dewies (Kanada) – Bawariýa – 92,5 million ýewro

4. Rodrigo Silwa da Goes (Braziliýa) – Real Madrid – 88,9 million ýewro

5. Winisuis Junior (Braziliýa) – Real Madrid – 73,9 million ýewro

6. Kallum Hadson Odoi (Angliýa) – Çelsi – 72,3 million ýewro

7. Ferran Torres (Ispaniýa) – Walensiýa – 55,2 million ýewro

8. Eduardo Kamawinga (Fransiýa) – Renn – 53 million ýewro

9. Meýson Grinwud (Angliýa) – M. Ýunaýted – 50,6 million ýewro

10. Fil Foden (Angliýa) – M.Siti – 50,4 million ýewro

11. Moýza Kin (Italiýa) – Ewerton – 40 million ýewro

12. Ozan Kabak (Türkiýe) – Şalke – 43,5 million ýewro

13. Ansu Fati (Ispaniýa) – Barselona – 42,7 million ýewro

14. Takefuso Kubo (Ýaponiýa) – Malýorka – 41,2 million ýewro

15. Maks Aarons (Angliýa) – Norwiç Siti – 40,4 million ýewro

16. Deýan Kulusewski (Şwesiýa) – Parma – 39,6 million ýewro

17. Raýan Sessenýon (Angliýa) – Tottenhem – 38,9 million ýewro

18. Sandro Tonali (Italiýa) – Breşiýa – 36,9 million ýewro

19. Hamed Traore (Kot-d’Iwuar) – Sassuolo – 27,6 million ýewro

20. Benua Badiýaşil (Fransiýa) – Monako – 27,2 million ýewro

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň