Soňky habarlar

Arhiw

Owganystanyň Akina şäherçesinde köpçülikleýin bag ekmek çäresi geçirildi

20:4427.03.2020
0
8184

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy   hem-de Halkara Nowruz baýramy mynasybetli Owganystanyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesindäki 500 orunlyk metjidiň ýanynda hem-de Magtymguly Pyragynyň barelýefiniň daş-töwereginde bag ekmek çäresi geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Mazary-Şerip şäherindäki konsullygynyň işgärleri, ýerli türkmen diasporasynyň wekilleri, Akina şäherçesiniň häkimi, OYR-nyň Daşary işler ministrliginiň Akina şäherçesindäki wekilleri, Akina gümrüginiň ýolbaşçylary, nebit-gaz we demir ýol edaralarynyň hem-de ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan tarapyndan Owganystanda bagtyýar hem-de asuda durmuşy üpjün etmekde edilýän ynsanperwer kömeklere goňşy döwletde ýokary baha berilýär. Dabara gatnaşanlar Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyna alkyş sözlerini aýdyp, hemişe edýän ynsanperwerlik we doganlyk kömekleri üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň