Ady rowaýata öwrülen tälimçidi

19:4127.03.2020
0
904

1984-njy ýylda Fransiýanyň ýygyndysyna Ýewropanyň çempionlygyny gazandyran ussat tälimçi Mişel Idalgo 87 ýaşynda aradan çykdy. Ol Fransiýanyň milli ýygyndysyna 8 ýyllap tälim berdi. 1982-nji ýyldaky Dünýä Kubogynda Fransiýany ýarym finala çykaran Idalgo futbolçylyk ýyllaryny “Le Hawr”, “Reýms” we “Monako” klublarynda geçirdi. 1933-nji ýylyň 22-nji martynda doglan Idalgo üçin 1984-nji ýylda Ýewropa çempionaty bolan ýygyndynyň ýyldyzy Mişel Platini: “Ol bize uly miras goýdy. Onuň tälimçiliginde Fransiýanyň ýygyndysy owadan oýun görkezýärdi. Häzirki wagtda-da milli ýygyndyda oýnaýan islendik futbolçy onuň miras galdyran ýoly bilen hereket edýär” diýdi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň