Arhiw

2 ýyl 8 aýdan soň, özüne geldi

18:1627.03.2020
0
1510

Niderlandlaryň “Aýaks” toparynyň marokkoly futbolçysy Abdelhak Nuri özüne geldi. 22 ýaşyndaky oýunda 2 ýyl 8 aýdan soň, komadan çykdy. Mälim bolşy ýaly, Nuri 2017-nji ýylyň 8-nji iýulynda “Aýaks” bilen “Werderiň” arasyndaky oýnuň 72-nji minutynda ýüreginde dörän näsazlyk sebäpli ýykylypdy. Şol pursatda onuň ýüregine 20 minutlyk massaž hem edilipdi. Şol ýykylyşdan bäri özüne gelip bilmän, komada ýatan Nuriniň dogany Abderrahimi inisi barada: “Indi komada däl, nahar iýip bilýär, gözi, gaşy bilen hereket edip bilýär. Ýöne entek aýaga galyp bilenok” diýip, aýtdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň