Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň Premýer ligasynyň başlanjak wagty kesgitlenildi

15:0127.03.2020
0
824

Gyrgyzystanyň futbol çempionatynyň Premýer ligasyndaky duuşyklaryň 8-nji maýdan başlap dowam etmegi mümkin. «Gyrgyzystanyň profesional futbol ligasy» assosiasiýasynyň resmi saýtynda berlen maglumata görä, eýýäm bu barada aýgytly kararlara hem gelindi.

Koronowirus howpunyň ýaýramagynyň öňüni almak we futbolçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, dünýä döwletleriniň birnäçesi bilen birlikde Gyrgyzystanda hem futbol möwsümine arakesme berlipdi.

Aslynda, gysga wagtlyk arakesmäniň ilkinji bellenilen wagty 11-nji aprele çenlidi. Ýöne häzirki ýagdaýlar munuň mümkin däldigini görkezýär. Şonuň üçin hem ýurduň futbol jemgyýetçiliginiň wekilleriniň gelen karary bilen çempionaty 8-nji maýdan başlap dowam etdirmek kararyna gelindi.

Gyryzystanyň Premýer ligasynda 14-15-nji martda 1-nji tapgyryň duşuşyklary geçirilipdi. Onda düzüminde türkmenistanly legionerler Rahat Japarow bilen Ata Geldiýew hem çykyş edýän «Abdyş-Ata» «Kara-Baltany» 2:0, «Altyn asyryň» AFK-nyň kubogyndaky garşydaşy «Dordoý» bolsa «Ilbirsi» 6:1 hasabynda ýeňipdi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň