Soňky habarlar

Arhiw

Mary şäherinde taýboks boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

13:0627.03.2020
0
7253

Ýakynda Mary şäheriniň köpugurly sport toplumynda sportuň taýboks görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Oňa paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan türgenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen ýurdumyzyň Taýboksing we gatyşyk söweş sungatlary federasiýasynyň bilelikde guran ýaryşy A we B agram derejelerinde erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda geçirildi.

Erkekleriň arasynda A agram derejesinde geçen ýaryşda Allaguly Agajanow (48 kg), Nury Hümmedow (51 kg), Maksat Handurdyýew (54 kg), Bäşim Bäşimow (57 kg), Döwlet Aşyrmämmedow (60 kg), Yhlasgylyç Annamyradow (63,5 kg), Maksat Rejebow (67 kg), Röwşen Abaýew (71 kg), Yklym Nasyrow (75 kg), Halykberdi Allakulyýew (81 kg), Merdan Pirmedow (86 kg), Arslan Şamyýew (91 kg), Mekan Arslanow (+91 kg) dagy öňe saýlandy.

B agram derejesindäki duşuşyklar hem diýseň çekeleşikli geçdi. Onda Allaguly Allagulyýew (48 kg), Hajymyrat Ýabanow (51 kg), Agaröwşen Çaryýew (54 kg), Allanur Orazkylyjow (57 kg), Resul Araşow (60 kg), Täçmuhammet Kurbaşow (63,5 kg), Ysmaýyl Döwletow (67 kg), Kemal Döwletow (71 kg), Maksatmyrat Alyýew (75 kg), Muhammetberdi Röwşenow (81 kg), Serdar Sapargylyjow (86 kg), Seýitmuhammet Baýramow (91 kg), Atamuhammet Baýramow (+91 kg) da gy üstünlikli çykyş etdiler.

Zenanlaryň arasynda geçen duşuşyklaryň hem gyzykly bolandygyny bellemek gerek. Aýlar Aşyrowa (48 kg), Dürdäne Nazargylyjowa (51 kg), Gülnäz Akmyradowa (54 kg), Aýimžan Sultanowa (57 kg), Selbi Ataýewa (60 kg), Leýli Kazakowa (63,5 kg), Göwher Gowşudowa (+63,5 kg) dagy garşydaşlaryndan öňe saýlanyp, birinji orny eýelediler.

Ýeňijiler guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy, şeýle-de olar ýurdumyzyň taýboks boýunça mil li ýygyndysynyň agzalygyna saýlandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň