Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini geçirdi

12:5827.03.2020
0
802

26-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň derwaýys meselelerine garaldy hem-de birnäçe resminamalar kabul edildi ― diýip, TDH habar berýär.

Mejlisiň barşynda:

eksport önümlerini sertifikatlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň netijeleri;

nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek, nebitgaz senagatynyň önümçilik we serişdeler kuwwatyny berkitmek, pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de işgärleriň hünärlerini kämilleşdirmek, nebitgaz ulgamynda ylmy-barlag işlerini döwrüň talabyna laýyk guramak maksady bilen görülýän çäreler;

welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri, şol sanda bugdaýa ideg etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler;

harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler;

elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler;

ulagyň ähli görnüşleriniň, hususan-da, demir ýol ulagyny döwrebaplaşdyrmak, ýük daşamak boýunça edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler;

«Söwda toplumynyň harytlyk önümlerini daşary ýurtlara ýerlemek boýunça birža söwdalaryny geçirmegiň tertibiniň» täzeden işlenilen taslamasy;

ilatyň sarp edýän giň görnüşli azyk harytlaryna bolan isleglerini hem-de olaryň nyrhlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi;

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini sanly ulgama geçirmek arkaly kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler;

«Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Kararyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy;

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak babatda halkara konwensiýalaryna goşulmagy;

milli parlamentiň döwletimiziň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan goldamak boýunça alyp barýan işleri bilen bagly meselelerdir wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň