Türkmen teleradioýaýlymlarynda gepleşikleriň hilini ýokarlandyrmakda sanly ulgamdan peýdalanylýar

12:3527.03.2020
0
750

26-njy martda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini sanly ulgama geçirmek arkaly kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, ýokary hilli, mazmunly tele we radio gepleşikleri taýýarlamak maksady bilen, komitetiň ýanynda geňeş döredildi. Geňeşiň esasy wezipeleri degişli önümleri taýýarlamagyň, döredijilik işleriniň ähli basgançaklaryna gözegçilik etmekden ybarat. Düzümine tejribeli halypalar hem-de ulgamyň hünärmenleri giren geňeşiň işi içki torlar arkaly hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň hasabyna işjeňleşdirilýär.

Sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglylykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde hem-de onuň düzüminde döredilen başlangyç hünär okuw mekdebinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak hem-de hünärmenleri gaýtadan okatmak boýunça işler geçirilýär. Okuwlar ýörite meýilnama esasynda guralyp, okuwy tamamlansoň diňleýjilere degişli şahadatnamalar gowşurylar.

Şeýle hem bu edaranyň mahabatlandyryş işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işinde ýokary çeperçilik derejesi we mazmunynyň köpdürlüligi, şeýle hem bezelişi bilen tapawutlanýan ýokary hilli, many-mazmunly gepleşikleri taýýarlamak üçin uly mümkinçilikleri açýan sanly tehnologiýalardan has doly peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.

Milli teleradiogepleşikler ulgamynyň netijeli işini guramakda bu ulgamyň ähli hünärmenleriniň ussatlygynyň we elbetde, döredijilikli çemeleşmesiniň bolmagy esasy talapdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň