Soňky habarlar

Arhiw

“Huawei P40” smartfony tanyşdyryldy

11:5327.03.2020
0
1140

“Huawei” kompaniýasynyň P40 seriýasynyň ilkinji agzasy tanyşdyryldy. “Huawei P40” smartfony örän owadan we daşky çarçuwasynyň insizligi bilen tapawutlanýar. Howpsuzlyk maksady bilen goýulýan barmak yzyňy okaýjy bölegi ekranynyň ýüzüne ýerleşdirilen telefon adaty gulaklyk girişi bilen üpjün edilipdir. Telefon iki taraply selfi kamera ýerleşdirilen deşijegi bilen tapawutlanýar. Bu deşik ekranyň ýokarsynda çep tarapynda ýerleşdirilipdir. Smartfonyň 5 reňkli görnüşi satuwa çykarylar. “Kirin 990” çipseti bilen üpjün edilen 5G telefonda 8 GB RAM, 128 GB içki ýat bar. Mobil enjamyň ýadynyň göwrümini giňeltmek mümkin. Öň tarapynda 32 megapiksel durulygynda surata alýan kamera bolup, ony ýüzüňi tanaýan sensor hökmünde hem ulanyp bolýar. Yz tarapynda üç sany kamera sensory ýerleşdirilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň