Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezident: «Nebitgaz pudagynyň ylmy binýadyny pugtalandyrmaly»

11:3227.03.2020
0
823

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň düzümine girýän ýokary hem-de orta hünärment okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň hem-de okuw merkeziniň ylmy binýadyny pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary, nou-haulary, sanly ulgamy we öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýer M.Meredowa birnäçe anyk görkezmeleri berdi ― diýip, TDH ýazýar.

Milletiň Lideri ýangyç-energetika toplumynda dürli önümçilik ugurlary üçin inženerleri, burawlaýjylary, geologlary, hünärmenleri taýýarlamagyň guralmagynyň kämilleşdirilmegini esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi. Çünki dünýäde bu pudagyň tehnologik ösüşiniň derejesiniň, ýurdumyzda amala aşyrylýan nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek işleriniň bu wezipä täze talaplary bildirýändigini belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow işgärleriň hünär derejesini ýörite okuwlarda yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, munuň üçin Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de onuň Balkan welaýatyndaky şahamçasynyň esasy kafedralarynyň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň Mary hem-de Balkanabat şäherlerindäki orta hünär okuw mekdepleriniň, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan açylan okuw merkezleriniň mümkinçiliklerini ulanmagyň wajypdygyny aýtdy hem-de bu işi degişli derejede talabalaýyk guramak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň