Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti: «Nebitgaz bazaryndaky ornumyzy giňeltmek üçin meşhur kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy artdyrmaly»

11:2627.03.2020
0
549

26-njy martda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow uglewodorod çig malynyň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzda bu baýlygyň netijeli ulanylmagynyň milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmäge täze kuwwatly itergi berjekdigini, nebiti we gazy düýpli işläp taýýarlamaga ýöriteleşdirilen täze önümçilikleri döretmek hem-de türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň eksport ugurlaryny artdyrmak üçin şertleri üpjün etjekdigini belledi ― diýip, TDH habar berýär.

Bularyň hemmesi maýa goýmak hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutany Türkmenistanda işleýän daşary döwletleriň ygtybarly kompaniýalary ― «Petronas», «Dragon oil», Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy, «Kawasaki», «Sojitz», «TOYO», «Mitsubishi», «ITOCHU», «LG», «Hyundai», «Eni», «Mitro International», «Petrofac», «Tatneft», «Rönesans Holding» we beýlekiler bilen işleriň gerimini giňeltmek barada wise-premýer M.Meredowa degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 
   
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň