Soňky habarlar

Arhiw

Ýakyn bäş ýylda Türkmenistanyň ylym ulgamynda sanly tehnologiýa doly ornaşdyrylar

23:4226.03.2020
0
12324

26-njy martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Kararyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, Ylymlar akademiýasy bu taslamany ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeden doly ugur alyp taýýarlady.

Işlenilip taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, ýakyn bäş ýylda sanly tehnologiýalary giňden ulanmak arkaly ylmy-barlag işlerini täze derejä çykarmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky özara baglanyşygy has-da işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimizdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini nazara almak bilen, iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklary hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek meýilnamasy düzüldi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, işlenilip taýýarlanylan maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi IT tehnologiýalaryna esaslanan netijeli, durnukly hem-de özüni ödeýän sanly ylym ulgamyny döretmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerine laýyklykda, ylmyň önümçilik bilen arabaglanyşygyň täze derejesine ýetmäge, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň dolandyrylmagyny ylmy taýdan esaslandyrmaga mümkinçilik berer.

Innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem ylmy-barlaglar we işläp düzmeler üçin täze programma üpjünçiliklerini döretmäge, ylma, inženerçilige, tehnologiki telekeçilige ýaşlary işjeň çekmäge ýardam berer.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, depginli ösýän, häzirki wagtda halkara ykdysady, medeni we tehnologiki giňişlige işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň durmuşyň ähli ulgamlaryna täzelikleri çekmegiň işjeň tarapdary bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi.

Milletiň Lideri halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, Diýarymyzyň ylmy institutlarynyň mümkinçiligini has-da netijeli peýdalanmak, häzirki zamanyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmäge itergi bermek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere ugratdy hem-de bu maksatnamany ýerine ýetirmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň