Kamera durulygy 64 megapiksel bolar

18:1426.03.2020
0
772

“Honor 30” seriýasynyň täze modeli 30S smartfonynyň 30-njy martda köpçülige görkeziljekdigi mälim edildi. “Digital Trends” internet saýty “Honor 30S” modeliniň kamerasynyň 64 megapiksel durulygynda surata alyp biljekdigini we yz tarapynda dört sany sensoryň boljakdygyny mälim etdi. Şeýle hem mobil enjamda 3x optiki ýakynlaşdyrma aýratynlygy bolar. Smartfon 5G modemli  “Kirin 820” mikroshemasy, gapdalynda ýerleşdirilen barmagyň yzyny okaýjy we gysga wagtda zarýad beriji ulgam bilen üpjün ediler. Telefonyň bahasynyň 300 dollar töweregi boljakdygy aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň