Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatdaky teatrda şu hepde «Ene toprak» atly iri göwrümli sahna eserini görkezer.

17:1526.03.2020
0
593

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrlary welaýat «Türkmen gündogary» gazetinde şu hepdäniň dynç günleri görkezjek sahna eserleri barada bildiriş berdi.

Teatr 28-nji mart güni Çingiz Aýtmatowyň adybir eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ene toprak» atly iri göwrümli sahna eserini görkezer. Režissýor Perhat Hudaýberenowyň sahnalaşdyran eserinde 1941 ― 1945-nji ýyllaryň urşunyň tylynda bolup geçýän galagoply wakalar beýan edilýär.

29-njy martda bolsa teatrda «Söz aýdyş» atly gyzykly sahna eseri görkeziler.

Eserleriň ikisi hem agşam sagat 19-da başlanar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň