Soňky habarlar

Arhiw

Büzmeýindäki kärhanada zyýansyzlandyryjy erginlerdir desmallaryň uly toplumy öndürilýär

17:0126.03.2020
0
2689

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky zyýansyzlandyryjy erginleri we desmallary öndürmäge niýetlenen kärhanasy 2014-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. Bu ýerde Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, ABŞ-nyň, Türkiýäniň önümçilik we kömekçi tehnologik enjamlary, hil we mukdar barlag enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr. Onda önümçilik işleri dünýä ülňülerine laýyklykda alnyp barylýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Kärhana iki sany esasy bölümden — önümçilik hem-de hil barlag we mikrobiologik bölümlerden ybaratdyr. Önümçilik bölüminiň işi ýokary derejede gurnalyp, ol Ýewropada kabul edilen talaplara laýyklykda meýilleşdirilendir. Bölüm 4 bölümçeden düzülip, olar öz aralarynda kompýuter arkaly arabaglanyşykly işleýär .

Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, zyýansyzlandyryjy erginleri we desmallary öndürmek üçin zerur bolan çig mallar Germaniýadan hem-de Türkiýeden getirilýär. Kärhanada öndürilýän önümler lukmançylyk nokatlarynda, edara-kärhanalarda giňden ulanylýar.

Şeýle hem bu ýerde hirurgiýada elleri zyýansyzlandyrmak üçin ulanylýan steridermiň, näsaglaryň düşeklerini, lukmançylyk enjamlaryny arassalamakda we zyýansyzlandyrmakda ulanylýan bakteriolyň, lukmançylyk gurallaryny we endoskoplary zyýansyzlandyrmak üçin ulanylýan superbendezin bakteriol, mikrodez bakterisidlerini, şeýle-de deri üsti ýaralary zyýansyzlandyrmak üçin ulanylýan peroksidermiň, kesik, dişlenen, sypjyryk ýaly ýaralaryň arassalanmagynda antiseptik hökmünde ulanylýan superbendeziniň, lukmançylyk enjamlarynyň we gurallarynyň zyýansyzlandyrylmagynda ulanylýan desmalyň antiseptikleri, mundan başga-da plastikden, rezinden, demirden, farfordan, aýnadan ýasalan lukmançylyk enjamlaryny zyýansyzlandyrmak üçin ulanylýan mikrodez öndürilýär. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň