Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda hem gowaça ekişine girişildi, maksat 365 müň tonna «ak altyn»

16:4426.03.2020
0
695

Gowaça ekişiniň başlanmagy mynasybetli Mary welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimleri, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ak saçly eneler, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar. Onda, esasan, gowaça ekişini gysga möhletde, ýokary hilli geçirmek, tehniki hyzmatlary iş üstünde guramak barada gürrüň edildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Welaýatda gowaça ekişine başlamak bilen baglanyşykly Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanynda ýörite dabara geçirildi. Şu ýylda welaýatyň edermen hasyl ussatlary 180 müň gektar meýdana gowaça ekip, 365 müň tonna «ak altyn» öndürmegi maksat edinýärler. Welaýat boýunça ýaz ekişine ýokary hilli tohumlyk gowaça çigidiniň ýeterlik mukdary taýýarlanypdyr.

Ekişi bellenen möhletde ýokary hilli geçirmek üçin 460-dan gowrak ekiş gurallary we traktorlaryň ýeterlik sany jemlenipdir. Ekiş wagtynda traktorlara tehniki hyzmatlary etmek üçin ýörite tehniki hyzmat ediş toparlary döredilipdir. Şol toparlar hem gerekli bolan ätiýaçlyk şaýlary, kebşirleýjiler we serişdeler bilen üpjün edilipdir. Gowaça ekişine gatnaşýanlara ediljek medeni hyzmatlaryň meýilnamasy düzülipdir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň