Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenhowaýollarynyň» Russiýadaky türkmen ýolagçylarynyň wizalary uzaldylýar

14:5325.03.2020
0
36513

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda wagtlaýynça ýatyrylan howa gatnawlary sebäpli, «Türkmenhowaýollarynyň» dostlukly döwletdäki türkmenistanly ýolagçylarynyň Russiýadaky wizalarynyň möhleti uzaldylýar.

Has takygy, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Russiýadaky wekilhanasy öz resmi saýtynda Moskwa ― Aşgabat, Sankt-Peterburg ― Aşgabat we Kazan ― Aşgabat gatnawlary boýunça petek alan Türkmenistanyň raýatlarynyň, bu gatnawlaryň wagtlaýyn ýatyrylandygy sebäpli, Russiýada bolmaga hukuk berýän wizalarynyň möhletiniň uzaldyljakdygyny habar berdi. Munuň üçin Türkmenistanyň raýatlary Russiýanyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa gullugynyň Çakylyklary we wizalary resmileşdiriş bölümine ýüz tutmaly.

Şol bölümiň salgylary:

Moskwa: Pokrowka köç. 42, telefon: +74956243256.
Sankt-Peterburg: Krasnaýa Tekstilşika köç. 10-12, tel. +78127771000 ýa-da Sankt-Peterburgdaky Federal Migrasiýa Gullugynyň sebit bölümlerine.

Kazan: Çehow köç. 8/2, tel.: +78432161612.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň