Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli talyp ýigitleriň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi

13:5825.03.2020
0
2171

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Ýeňiş güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriň talyp ýigitleriniň arasynda «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bu bäsleşik barada «Nesil» gazetinde habar berilýär.

Bäsleşik üç şertden ybarat bolar. Olaryň ilkinjisinde talyp ýigit özüniň saýlan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etmeli, wagty 3 minut (talyp ýigit ýekelikde ýerine ýetirmeli). Ikinji şertde «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň mekany» ýyly bilen baglanyşykly talyp ýigit özüniň sungata, döredijilige bolan ukybyny görkezip, türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezmek barada aýdym-saz, goşgy, monolog ýa-da sahna ýerine ýetirmeli (janly ses), wagty 6 minut (çykyş edýän talyp baş keşpde bolup, oňa 4-den köp bolmadyk talybyň kömeginden peýdalanmaga rugsat berilýär). Bäsleşigiň üçünji şertinde bolsa talyp ýigit şorta söz ýa-da degişme sahna­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­li, wag­ty 3 — 5 minut (çykyş edýän talyp baş keşpde bolup, oňa 4-den köp bolmadyk talybyň kömeginden peýdalanmaga rugsat berilýär).

Bäsleşigiň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek deslapky tapgyr­la­ry 2020-nji ýy­lyň 10 — 27-nji ap­re­li aralygynda, bäsleşigiň jemleýji tapgyry Ýeňiş gü­ni my­na­sy­bet­li 2020-nji ýy­lyň 1 — 8-nji maýy aralygynda geçiriler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň