TDEI-de mehanika we matematika boýunça açyk olimpiada geçirildi

13:5425.03.2020
0
1649

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Bilim ministrliginiň guramagynda bu ýokary okuw mekdebinde talyp ýaşlaryň arasynda mehanika we matematika boýunça açyk olimpiada geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-sinden 110 talyp gatnaşdy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Iki günläp dowam eden bäsleşigiň birinji gününde talyplaryň şahsy bäsleşigi guralan bolsa, ikinji gününde olar toparlaýyn bäsleşdiler. Şeýlelikde, şahsy bäsleşikde Türkmen oba hojalyk institutyndan Kasymberdi Dursunow, Eziz Agajanow, Döwlet energetika institutyndan Döwlet Rahymjanow, Şyhmyrat Mamiýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden Allamyrat Amanmädow dagylar iň ýokary netije görkezip, öňe saýlanmagy başardylar.

Mehanika boýunça toparlaýyn bäsleşikde birinji orna mynasyp bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar toparyna taý tapylmady. Türkmen oba hojalyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary ikinji orna mynasyp boldular. Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň hem-de Döwlet energetika institutynyň talyplar toparlary deň utuk toplap, üçünji orna mynasyp boldular.

Matematika dersi boýunça geçirilen bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby Gurt Döwletow I derejede çykyş edip, iň ýokary netije görkezdi. Matematika dersi boýunça I derejede guralan bäsleşikde şowly çykyş eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Bu bäsleşikde deň utuk toplan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary hem ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular.

Matematika dersi boýunça geçirilen II derejeli bäsleşikde Döwlet energetika institutynyň talyby Mekan Hojaýew iň ýokary netije görkezip, birinji ýeri eýeledi. Şonuň ýaly-da, ýokary netijä Türkmen oba hojalyk institutynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary hem bäsdeşlerinden öňe saýlanyp, ýe­ňiji boldular.

Matematika dersi boýunça guralan toparlaýyn bäsleşikde birinji orny ýene-de Döwlet energetika institutynyň, ikinji orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar toparlary eýelemegi başardylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplar topary deň utuk toplap, üçünji orna mynasyp boldular.

Bäsleşigiň geçirilen günleriniň bütindünýä π (grek elipbiýi) sanynyň gününe gabat gelmegi bu çärä özboluşly öwüşgin berdi. Bäsleşigiň ýe­ňijilerini sylaglamak dabarasy talyp ýaşlaryň taýýarlan baýramçylyk konserti bilen utgaşdy.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň