Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz ― 2020» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

13:3925.03.2020
0
3767

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Nebitgazhyzmat» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň medeni işewürlik merkezinde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2020» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry ýokary ruhubelentlik bilen geçirildi. Oňa ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okaýan zehinli gyzjagazlar gatnaşdy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Ge­ňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2020» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry şatlyk-şowhuna beslendi.

Deslapky tapgyrlarda ýe­ňiji bolup, öňe saýlanan gyzjagazlaryň 12-si bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda üç şert boýunça bäsleşdi. Zehinli okuwçylar aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, türkmen gözelleriniň görküne görk goşýan milli lybaslary geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmek ýaly ugurlarda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzjagazlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, şygyrlarynda ata Watanymyzyň, bagtyýar çagalygyň, mähriban enelerimiziň we bahar paslynyň waspy öz beýanyny tapdy.

Bäsleşigiň üçünji şerti has-da gyzykly we çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Zehinli gyzjagazlar eminler topary tarapyndan ýaş aýratynlyklaryna görä taýýarlanan goşgulary çeper okamakda bäsleşdiler. Ähli şertler ýerine ýetirilenden soň­ra, şadyýan bäsleşigiň ýe­ňijileri yglan edildi. Netijede, Baş baýraga Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Aýgül Allanazarowa, birinji orna Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Selbi Babalyýewa, ikinji orna Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Näzli Germanowa, üçünji orna Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Oguljennet Agaýusubowa mynasyp boldy. Ýe­ňiji gyzjagazlara, şeýle hem bäsleşigiň jemleýji tapgyryna işjeň gatnaşanlara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlardyr diplomlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň