Barsagelmeziň nebitli guýularynyň ikisinde gazuw işleri tamamlandy

13:1325.03.2020
0
892

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Barsagelmez meýdançasynda şu ýylyň mart aýynda birbada iki guýuda gazuw işleriniň tamamlandy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu guýularyň ikisiniň hem gazuw işlerini «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň toparlary öz wagtynda we üstünlikli tamamladylar. Taslama çuň­lugy 4 müň 600 metr bolan 1306-njy guýy häzirki wagtda aşaky gyzyl gatlakdan her gije-gündizde 14,4 tonna, taslama çuň­lugy 4 müň 100 metr bolan 1307-nji guýy bolsa ýokarky gyzyl gatlakdan 39,2 tonna nebit çig malyny berýär. Gurbanmyrat Taýlyýewiň we Hoja Altybaýewiň ýolbaşçylygyndaky zähmet toparlarynyň gazan bu täze ulanyş maksatly guýulary konserniň «Nebitdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirligine tabşyryldy.

Täze guýularyň ikisiniň hem gazuw işleri hormatly Prezidentimiziň görkezmesi bilen Russiýa döwletinden satyn alnan «Uralmaş — 3D» desgasynda amala aşyryldy. «Nebitdag» buraw işleri müdirligi hut häzirki günlerde täze guýularyň birbada 10-synyň gazuw işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Olar Goturdepe ýatagynda täze gazylýan 1823-nji guýyny bolsa şu aýda önümçilige tabşyrmagy maksat edinýärler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň