Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmendöwlettaslamanyň» düzüm birliklerine üýtgeşmeler girizildi. Ine, şol üýtgeşmeler

12:0825.03.2020
0
2850

Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi­niň «Türk­men­döw­let­tas­la­ma» baş döw­let tas­la­ma bir­le­şi­gi şu­la­ry gy­zyk­lan­ýan ta­rap­la­ryň dyk­ga­ty­na ýe­tir­ýär:

— Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň 2020-nji ýylyň 11-nji martyndaky buýrugyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň 1-nji aprelinden «Türkmendöwlettaslama» döwlet taslama ylmy-önümçilik birleşigi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşigi diýlip atlandyrylýar;

«Türkmenjemagattaslama» döwlet taslama instituty hem-de «Türkmenýoltaslama» döwlet taslama instituty 2020-nji ýylyň 1-nji aprelinden «Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşiginiň düzümine girizilýär we olar birleşigiň «Türkmenjemagattaslama» taslama instituty hem-de «Türkmenýoltaslama» taslama instituty diýlip atlandyrylýar;

— «Lebapýoltaslama» kärhanasy ýuridik şahs hökmünde ýatyrylyp, ol «Türkmenýoltaslama» taslama institutyna bölüm edilip birikdirilýär;

— «Türkmenobasenagattaslama» taslamaönümçilik kärhanasy we onuň garamagyndaky «Daşoguzobasenagattaslama», «Türkmenabatobasenagattaslama» we «Maryobasenagattaslama» kärhanalary «Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşigine birikdirilýär hem-de her welaýatda bir taslama instituty — «Ahaltaslama» taslama instituty, «Balkantaslama» taslama instituty, «Daşoguztaslama» taslama instituty, «Lebaptaslama» taslama instituty, «Marytaslama» taslama instituty döredilýär;

— «Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşiginiň garamagyndaky «Daşoguzobasenagattaslama» kärhanasy bilen «Daşoguztaslama» döwlet taslama instituty birleşdirilip, olaryň binýadynda «Daşoguztaslama» taslama instituty;

«Maryobasenagattaslama» kärhanasy bilen «Marytaslama» döwlet taslama instituty birleşdirilip, olaryň binýadynda «Marytaslama» taslama instituty;

«Türkmenabatobasenagattaslama» kärhanasy bilen «Lebaptaslama» döwlet taslama instituty birleşdirilip, olaryň binýadynda «Lebaptaslama» taslama instituty döredilýär;

— «Ahaltaslama» döwlet taslama institutynyň ady üýtgedilip, «Ahaltaslama» taslama instituty diýlip atlandyrylýar;

— «Türkmenbaşytaslama» döwlet taslama institutynyň ady üýtgedilip, «Balkantaslama» taslama instituty diýlip atlandyrylýar.

 

Çeşme: «Türkmenistan» gazeti, 25.03.2020 ý.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň