Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda düzzüm ýaryşy geçirildi

11:3525.03.2020
0
1228

Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdepde çagalaryň arasynda düzzüm boýunça welaýatyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden, Dänew, Saýat hem-de Çärjew etraplaryndan 14 ýaşa çenli çagalaryň onlarçasy gatnaşdy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Lebap welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi tarapyndan milli oýnumyz boýunça geçirilen ýaryş gyzykly duşuşyklara baý boldy. Esasan-da, welaýat merkezine wekilçilik edýän çagalar has üstünlikli çykyş etdiler.

Toparlaýyn netijede bolsa, Türkmenabat şäheriniň topary birinji, dänewli çagalar ikinji, Saýat etrabyndan gatnaşan çagalar bolsa üçünji orny eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň