Bereket çeper halyçylyk kärhanasynda 520 inedördül metrden gowrak haly dokaldy

11:2525.03.2020
0
721

Täsin sungat derejesine göterilip, şan-şöhraty dünýä dolan şeýle ajaýyp halylary dokamakda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki çeper halyçylyk kärhanasynda-da öwgä mynasyp işler alnyp barylýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

120 orunlyk döwrebap haly kärhanasynda işleýän bereketli çeper elli gelin-gyzlar şu ýylyň geçen iki aýynda dürli ölçegdäki haly önümleriniň jemi 521 inedördül metrini dokap, 691 müň manatlyga golaý işleri özleşdirmegi başardylar.

Netijede, geçen ýylyň degişli döwri bilen de­ňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgini 128 göterime we 125 göterime barabar ýokarlandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň