Aşgabatdaky işewürlik merkezinde «Döredijilikli ykdysadyýetiň gününe» bagyşlanan maslahat geçirildi

21:5424.03.2020
0
4833

Şu gün «Iş nokady» işewürlik merkezinde «Döredijilikli ykdysadyýetiň gününe» bagyşlanan maslahat geçirildi.

Maslahatda, ilki bilen, Angliýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Gaýane Iraelýan çykyş etdi. Ol häzirki zaman dünýäsinde döredijilikli ykdysadyýet hadysasy barada gürrüň berdi. Şeýle hem, ol geçen ýyl Türkmenistanyň wekiliýetiniň Daşkentde geçirilen «Döredijilikli Merkezi Aziýa» forumyna gatnaşandygyny ýatlady.

Mundan başga-da, «Belli» studiýasynyň wekili Daýanç Babaýew studiýanyň işi, döredijilikli pikirleriň ähmiýeti we «brend» düşünjesi barada üns berilmeli aýratynlyklar hakynda aýtdy.

Aşgabatdaky «Caspy Creative» agentliginiň wekili Arslan Abdyllaýewiň çykyşy müşderileri, alyjylary ýa-da hyzmatdaşlary özüňe çekmäge kömek berýän sosial media marketingi barada barada boldy.

Maslahatda dizaýner Şeker Akyniýazowa hem çykyş etdi.

Adaty aragatnaşyk maslahata gatnaşyjylary biri-birine has ýakynlaşdyrdy. Bu aragatnaşygy ýygjamlaşdyrmak we ýakynlaşdyrmak bolsa işewürlik merkeziniň esasy maksadydyr. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň