Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä täzelikleri: «Toyota» blokçeýni awtoulag senagatynda ulanar

15:3523.03.2020
0
1894

«Toyota» korporasiýasy blokçeýni awtoulag senagatynda ulanmagy öwrenmek boýunça barlaghana açýandygy barada habar berdi. Bu barada «Biznes reklama» gazetinde ýazyldy.

«Toyota» öň, 2019-njy ýylda elektron pul birliklerini öwrenmek maksatly özüne degişli dört sany kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk alyp barýardy.

Resmi ýagdaýda döredilen «Toyota Blockchain Lab» blokçeýniň tehnologiýasyny, onuň esasynda goşmaçalary we biznesiň dürli pudaklarynda ulanmak mümkinçiligini öwrenmek boýunça düýpli ylmy-barlag işlerini alyp barar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň