Soňky habarlar

Arhiw

Dünýä täzelikleri: özbaşdak pilotly awtoulaglar 2025-nji ýylda peýda bolar

15:2523.03.2020
0
1805

Soňky döwürde robotlaşdyrylan taksileriň ýa-da hususy awtoulaglaryň haçan peýda boljagy barada gürrüňler köp edilýär. Bilermenleriň köpüsiniň sözlerine görä, olar ýaly transport 2030-njy ýyldan bärde peýda bolmaz. Bu barada «Biznes reklama» gazeti habar berýär.

«Intel»-iň baş direktory Robert Swonuň sözlerine görä, doly awtonom transport serişdesiniň peýda bolmagyna 2025-nji ýyldan başlap garaşybermeli. Milliarder Ilon Mask häzirki döwürde awtomatlaşdyryşyň orta statistiki sürüjiden has howpsuzdygyny belleýär. Ol şu ýylyň ahyryna çenli bellibir ugur boýunça robotlaşdyrylan taksini ulanyşa goýbermekçi bolýandygyny aýtdy.

Bu babatda «Tesla»-nyň eýesi «NVIDIA» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jensenem Huangam bilen pikirdeşdir. Ol awtopilot ornaşdyrylan hususy awtoulag we dolandyryş enjamlary bolmadyk robomobil — bular iki sany biri-biri bilen düýbünden tapawutlanýan ewolýusiýa ösüşidigini we taksiniň hususy transportdan has ir dolanyşyga geljekdigini aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň