Soňky habarlar

Arhiw

«Telekeçiler mekdebi» gid terjimeçileri taýýarlaýar

15:1923.03.2020
0
2321

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Telekeçiler mekdebi» jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasynda «Gid terjimeçi» hünäri boýunça iki aý möhletli okuwlar alnyp barylýar ― diýip, «Biznes reklama» gazeti habar berýär.

Bu hünär boýunça bilim alýan diňleýjilere «Syýahatçylyk pudagyna giriş», «Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri», «Syýahatçylyk hyzmatlarynyň guralyşynyň aýratynlyklary», «Syýahatçylygyň infrastrukturasy», «Etika we etiket düşünjeleri», «Aragatnaşygyň medeniýeti», «Myhman kabul etmekligiň etiketi», «Halkara etiket», «Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri we tebigy baýlyklary», «Tur we ondan peýdalanyjylar», «Gezelenji ýöretmegiň esaslary», «Syýahatçylyk ugurlaryny işläp düzmegiň düzgünleri we ýollary» ýaly dersler boýunça işine ussat tejribeli hünärmenler bilim berýärler. Bu ýerde geljekde syýhatçylyk pudagynda işlejek hünärmenlere gymmatly maglumatlar ýetirilýär.

ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nusaý, Köneürgenç, Gadymy Merw döwlet taryhymedeni goraghanalarynyň ýadygärlikleri, ýurdumyzyň gaýtalanmajak tebigy gözellikleriniň biri bolan Köýtendagyndaky dinozawrlaryň aýak yzlary, täsin gowaklar, «Gaýnar baba» çeşmesi, «Hojapil ata» platosy häzirki günlere çenli dünýä jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekip gelýär. Geljekde syýahatçylyk kärhanalarynda zähmet çekjek hünärmenlere ýurdumyzyň syýahatçylyk baýlyklaryny eziz Diýarymyza syýahata geljek jahankeşdelere giň dünýägaraýyşly, baý gözýetimli beýan etmek boýunça başarnyklar we endikler öwredilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň