“Nokia” täze telefonlaryny tanyşdyrdy

14:5821.03.2020
0
9664

“HMD Global” kompaniýasynyň eýeçiligindäki “Nokia” kompaniýasy elýeterli telefon modellerini köpeldýär. Fin brendi jemi üç sany telefony köpçülige görkezdi. Tanyşdyrylan telefonlaryň iň arzany “Nokia 1.3” modeli bolup, enjamyň 8 MP yzky kamerasy we 5 MP öňki kamerasy bar. 1GB RAM we 16 GB içki ýady bolan mobil enjamyň agramy 155 gram. Şeýle hem kompaniýa 5G aýratynlygy bolan “Nokia 8.3 5G” modelini tanyşdyrdy. Mundan başga-da, kompaniýa 2007-nji ýylda tanyşdyrylan “Nokia 5310” modeliniň täzelenen görnüşini köpçülige görkezdi. Bu telefonda MP3 pleýer we FM radio ýaly aýratynlyklar bar. Bu smartfon aýdym-saz diňlemegi halaýanlar üçin niýetlenipdir. Kompaniýanyň ýolbaşçylary her kimiň islegine görä mobil enjam öndürmegi maksat edinýändiklerini aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň